Hem Ar­gen­ti­na, hem-de Bra­zi­li­ýa ýe­ňil­di

13 Sentýabr 2024
12

Dün­ýä Ku­bo­gy­nyň saý­la­ma tap­gy­ry­nyň Gü­nor­ta Ame­ri­ka zo­la­gyn­da 7-8-nji du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy Mes­si­siz ge­çi­ren bu oýun­la­ryn­da 3 utuk ga­zan­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da Çi­li­ni Mak Al­lis­te­riň, Al­wa­re­siň hem-de Di­ba­la­nyň gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňen Ar­gen­ti­na myh­man­çy­lyk­da Ko­lum­bi­ýa­dan as­gyn gel­di. 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Ko­lum­bi­ýa­nyň gol­la­ry­ny Mos­ke­ra (25) bi­len Ha­mes Rod­ri­ges (60 p) ge­çir­di. Ar­gen­ti­na­dan Ni­ko Gon­za­le­siň 48-nji mi­nut­da­ky go­ly ýeň­şe ýet­me­di. Şun­luk­da, Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy soň­ky 5 ýyl­da 3-nji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. Tan­go­çy­lar 12 oýun­dan bä­ri ýe­ňiş ga­za­nyp gel­ýär­di.

Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bol­sa öz meý­dan­ça­syn­da Ek­wa­do­ry Rod­ri­go­nyň 30-njy mi­nut­da­ky ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da kyn­lyk bilen 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Bra­zi­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 2-nji du­şu­şy­gyn­da myh­man­çy­lyk­da Pa­rag­waý­dan Die­go Go­me­siň 20-nji mi­nut­da ge­çi­ren go­ly esa­syn­da 1-0 ha­sap bi­len ýe­ňil­di. Bu ola­ryň şu ge­zek­ki saý­la­ma tap­gy­ryn­da­ky 4-nji ýeň­li­şi­dir. Ýag­ny sam­ba­çy­lar 8 oý­nuň deň ýa­ry­syn­da ýeň­li­şe se­ze­war bol­du­lar. Urug­wa­ýyň ýy­gyn­dy­sy il­ki Pa­rag­waý bi­len, soň­ra myh­man­çy­lyk­da We­ne­sue­la bi­len gol­suz deň­me-deň oý­na­dy. Bu ge­zek­ki oýun­la­ryň öňe çy­kan to­pa­ry Bo­li­wi­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy bo­lup, olar 2 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da We­ne­sue­la­ny 4-0 ha­sa­byn­da ýe­ňen Bo­li­wi­ýa myh­man­çy­lyk­da Çi­li­den 2-1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. 1-nji oýun­da­ky gol­la­ry Ra­mi­ro Wa­ko (13), Al­ga­ran­ýas (45+5 p), Ter­se­ros (46) hem-de Mon­tei­ro (89), 2-nji du­şu­şyk­da bol­sa ýe­ne-de Al­ga­ran­ýas (13) bi­len Ter­se­ros (45+1) ge­çir­di.