Ki­no tä­ze­lik­le­ri

13 Sentýabr 2024
11

«Hol­ly­wo­od»-yň meş­hur pop­korn fran­şiz ki­no­la­ryn­dan «Ýu­ra eý­ýa­my­nyň dün­ýä­si» (Ju­ras­sic World) film­le­ri­niň tä­ze bö­lü­mi­niň ek­ran­laş­dy­ryl­jak­dy­gy res­mi ýag­daý­da mä­lim edil­di. «Ýu­ra eý­ýa­my­nyň dün­ýä­si: tä­ze­den dog­luş» (Ju­ras­sic World Re­birth) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu film­de baş keşp­ler­de Skar­lett Ýo­hans­son, os­kar­ly akt­ýor Ma­her­şa­la Ali, Jo­na­tan Beý­li hem-de Ru­pert Frend da­gy su­ra­ta dü­şer­ler. «Univer­sal Pictu­res» hem-de «Amb­lin En­ter­ta­in­ment» stu­di­ýa­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki önü­mi bol­jak fil­me Ga­ret Ed­wards re­žiss­ýor­lyk eder. Fil­miň sse­na­ri­si­ni asyl fil­miň sse­na­ri­çi­si De­wid Koepp ýa­zar. Film­de 2022-nji ýyl­da ek­ran­la­ra çy­kan «Ýu­ra eý­ýa­my­nyň dün­ýä­si: Do­mi­ni­on» film­inden 5 ýyl soň­ky wa­ka­lar ba­ra­da gür­rüň ber­ler. Umu­my­lyk­da se­ri­ýa­nyň 7-nji ki­no­sy bol­jak tä­ze film 2025-nji ýy­lyň 2-nji iýu­nyn­da ki­no­teatr­lar­da gör­ke­zi­lip baş­la­nar.

Köp­le­riň söý­gü­si­ni ga­za­nan «Ou­şens» film­ler top­lu­my­nyň 4-nji­si­niň su­ra­ta dü­şü­ril­jek­di­gi ozal ha­bar ber­lip­di. «Ou­şens 14» (Ocean’s 14) ady bi­len ek­ran­laş­dy­ryl­jak film­de os­kar­ly us­sat akt­ýor­lar Jorj Klu­ni bi­len Bred Pit­tiň su­ra­ta düş­jek­di­gi hem ha­bar be­ril­di. Fil­me «Gün­ba­tar front­da tä­ze­lik ýok» (Im Wes­ten nichts Neues) ki­no­sy bi­len ady­gan ger­ma­ni­ýa­ly Ed­ward Ber­ger re­žiss­ýor­lyk eder. Hä­zir­ki wagt­da fil­miň sse­na­ri­si­niň taý­ýar­ly­gy ýo­ka­ry dep­gin­de do­wam ed­ýär. Film­de Mett Da­mon bi­len Keý­zi Aff­le­giň hem öň­ki keşp­le­rin­de su­ra­ta düş­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Sti­wen So­der­ber­giň re­žiss­ýor­lyk eden ilkinji 3 filmi — «Ou­şens 11», «Ou­şens 12», «Ou­şens 13» at­la­ry bi­len 2001—2007-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ek­ran­laş­dy­ry­lyp, ki­no muş­dak­la­ry­nyň ýo­ka­ry söý­gü­si­ni ga­za­nyp­dy.