Ömrümiziň rahatlygy üçin

12 Sentýabr 2024
15

Ýakynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň guramagynda Arkadag şäheriniň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriniň arasynda «Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň şäheri» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Bu maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýol hereketiniň düzgünlerini pyýadalaryň we sürüjileriň arasynda giňden wagyz etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, köçe-ýol hereketiniň kadalary doly we dogry berjaý edilmeginiň ilatyň howpsuzlygy we abadançylygy babatda örän uly ähmiýete eýedigini bellediler. Döwlet derejesinde ýaýbaňlandyrylan ýol hereketiniň howpsuzlygy adam hakyndaky aladanyň çuňňur beýanydyr.

Ogulnar BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyñ Kärdeşler arkalaşyklarynyñ Arkadag şäheriniň birleşmesiniñ esasy hünärmeni.