Düzgünleri berjaý etmek borjumyzdyr

12 Sentýabr 2024
24

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem baý many-mazmunly çärelere beslenýär. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günlerinde eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde giň gerim alan köçe-ýol hereketi bilen baglanyşykly düşündiriş işleri, maslahatlardyr duşuşyklar, bäsleşikler hem şaýatlyk edýär.

Ýol hereketiniň düzgünlerini herekete gatnaşyjylaryň ählisi — pyýadalar-da, sürüjiler-de berk berjaý etmelidir. Herekete gatnaşyjylaryň aglabasy pyýadalardyr. Olaryň käbiri ýol hereketiniň düzgünlerini bilmän ýa-da bilip hem bilmezlige salyp, gadagan edilen ýerlerden geçýär, hereket edip barýan ulagyň öňüni kesýär, şonuň ýaly-da, awtobusdan düşende, köçeden geçmek kadalaryny dogry ýerine ýetirmän, ulagyň öň tarapyndan geçip, ýol-ulag hadysalarynyň döremegine sebäp bolýar. Şoňa görä-de, şu günler Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri pyýadalaryň, şol sanda ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini yzygiderli geçirýärler.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy.