Sport diplomatiýasynyň dabaralanmagy

11 Sentýabr 2024
41

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyndan gelip gowşan hoş habar halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy bilen 87 döwletiň awtordaşlyk etmeginde «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi biz — sport işgärlerini diýseň begendirdi, buýsandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegine aýratyn uly üns berilýär. Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda kabul edilen bu taryhy Kararnama ýurdumyzyň alyp barýan sport diplomatiýasynyň dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şu ýylyň maý aýynda paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň sport abraýynyň barha artýandygyny tassyklaýar.

Batyr HANGELDIÝEW,
welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň baş hünärmeni.