Watansöýüjiligiň sarsmaz binýady

11 Sentýabr 2024
22

Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde bu mekdebiň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary, harby talyplar hem-de harby okuwçylar gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň düzümleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady esasynda, döwrebap toplumlarda bu düzümleriň harby gullukçylary üçin iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen edara we okuw binalary gurlup ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, harby gullukçylaryň hünär ussatlyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olarda sanly tehnologiýalary we enjamlary dolandyrmagyň endiklerini kämilleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Şöhrat AMANOW,
maýor.