Röwşen geljegimiziň nurly çyragy

11 Sentýabr 2024
32

Ak ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesilde eziz Watanymyza, merdana halkymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çuňňur söýgini we çäksiz wepalylygy buýsançly beýan etmek, ýokary depginli ösüşleri, belent üstünlikleri has-da dabaralandyrmak maksady bilen, Bilimler we talyp ýaşlar güni ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda ýokary derejede bellenilip geçildi. Täze okuw ýylynda okuwçylardyr talyp ýaşlaryň ders we döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmekleri üçin olaryň tebigy zehinini ýüze çykarmak hem-de ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmek degişli ýolbaşçylaryň öňünde baş wezipe hökmünde kesgitlenendir. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde bilim edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça maslahatlary, wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini ýokary derejede guramak hem bilim işgärleriniň öňünde möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şeýle asylly işler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ýokary hilli bilim almaklary we olaryň bagtyýar döwrümizde rahat okamaklary üçin döwlet derejesinde düýpli aladalaryň edilýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bolup, täze okuw ýylynyň bütin dowamynda ýaşlaryň arasynda geçirýän medeni-köpçülikleýin we sport çärelerimizi güýçlendirip, il bähbitli tutumlara mundan beýläk-de öz mynasyp goşantlarymyzy goşarys.

Aýnagözel ORAZDURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.