Ömrümiziň rahatlygy ugrunda

11 Sentýabr 2024
38

Ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilýän toplumlaýyn çäreler tutuşlaýyn raýatlarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýörite düzülen meýilnama esasynda ýurdumyzda geçirilýän bu çäre ýol-hereket howpsuzlygynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine hyzmat edýär. Bu köpçülikleýin çärä ýurdumyzyň dürli pudaklary bilen bir hatarda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň düzümindäki Raýat goranyşy fakultetiniň serkerde-mugallymlary we harby talyplary hem işjeň gatnaşýarlar. Has takygy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda ýol hereketiniň kadalaryny ündemek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň wekilleri bilen bilelikde ýokary we orta mekdeplerinde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda köçe-ýol hereketiniň düzgünleri bilen baglanyşykly wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrýan işleri, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy üpjün edýän kämil daşary syýasaty geçirilýän her bir çäräniň döwrebap derejede berjaý edilmegine ýardam edýär. Şeýlelikde, her bir alnyp barylýan işiň adamzat gymmatlyklarynyň esasynda ýerine ýetirilmegi halkyň abadan, parahat, bolelin ýaşaýşyna gönükdirilýändiginiň aýdyň mysaly bolýar. Çünki ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üns-aladasy bilen gurulýan ajaýyp ýollarda hereketleriň kadaly bolmagyny, rowana ýollarymyzyň howpsuzlygynyň berjaý edilmegini gazanmak biziň mukaddes borjumyzdyr.

Pena HALLYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyby.