Şan-şöhraty artýan «akylly» şäher

10 Sentýabr 2024
50

Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda «Arkadag şäheri — dünýä nusgalyk «akylly» şäher» ady bilen hoşallyk maslahaty geçirildi. Ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň ýakynda mynasyp bolan halkara baýraklaryna bagyşlanan maslahata Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, şeýle hem şäheriň bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler ýakynda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara sergä türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynyň we onuň çäklerinde Arkadag şäheriniň üç sany halkara baýraga mynasyp bolmagynyň ildeşlerimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredendigini aýratyn bellediler. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän şäheriň iň bir döwrebap şähergurluşyk taslamasy hökmünde dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändiginiň, onuň öňdebaryjy binagärlik çözgütleriniň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Halkara sergide ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäherine «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly abraýly baýraklar gowşuryldy.

Begli ABDYKADYROW.
Surata düşüren Myrat BAÝRAMOW.