Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar

6 Sentýabr 2024
60

Maşgala jemgyýetiň bir bölegi bolmak bilen, onda bagtyýarlygyň, nurana durmuşyň höküm sürmegi enäniň yhlasyna bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, türkmen halkymyzda ene mukaddesligine aýratyn sarpa goýulýar. Muňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi mynasybetli geçirilen dabaraly maslahat hem nobatdaky gezek aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Bu çäre ýurdumyzda enelere uly hormat goýulýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Maslahata döredijilik işgärleri, sungat ussatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de diplomatlar gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar institutyň eýwanynda guralan türkmen amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdylar. Maslahat «Ene — Zemin mukaddesligi» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen açyldy. Munuň özi milli sungatymyzda enelere sarpa goýmak meselesine uly üns berilýändiginiň aýdyň mysaly boldy. Artistleriň çykyşlary hem muny aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

«Nesil».