Beýik maksatlara gönükdirildi

6 Sentýabr 2024
75

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy ösdürmekde alyp barýan içeri hem daşary syýasaty halkymyzyň abadan, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär. Parahat ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen ýola goýlan halk bähbitli beýik işler hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Olar milli demokratiýany berkitmek, halk häkimiýetini has-da pugtalandyrmak ýaly möhüm maksatlara gönükdirilendir. Munuň özi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Çünki il-halkyň bilen maslahatlaşyp iş etmek ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgedir, nusgalyk mekdepdir. Ýurdumyzda her ýylda şanly Garaşsyzlygymyzyň toýy toýlanjak günleriň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 24-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy Karar kabul etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň ýolbaşçylary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlary tarapyndan saýlanan wekiller we talyp ýaşlar gatnaşýar.

Kerwen GURBANOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.