Halk Maslahatyna taýýarlykly barylýar

6 Sentýabr 2024
77

Şu günler Ak bugdaý etrabynyň edara-kärhanalarynyň işçi-hünärmenleriniň arasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine, ýakyn günlerde geçiriljek umumymilli forumyna taýýarlykly barmakda öňde duran wezipelere bagyşlanan düşündiriş işleri geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilýän duşuşyklarda täsirli çykyşlara giň orun berilýär.

Garaşsyz Watanymyzyň bu günki ösüşleri, döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler bilen bagly gürrüňe hem uly ähmiýet berilýär. Çykyşlarda ýurdumyzy ösüşleriň belent derejelerine çykarmakda, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň aýratyn ornunyň boljakdygy, şoňa görä-de, oňa ýokary taýýarlyklar bilen barmagyň möhümdigi dogrusynda giňişleýin durlup geçilýär.

Eziz BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.