Ýaşlar — biziň geljegimiz

6 Sentýabr 2024
63

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesi  Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap geňeşi bilen bilelikde maslahat geçirdi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri, kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň durmuşda mynasyp orunlary tapmagyna, ylym-bilimli, giň gözýetimli, agzybirlige, dost-doganlyga hormat goýýan, ahlak taýdan arassa, päk ýürekli, kämil adamlar bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Ata Watanymyzda ýaş nesilleriň bagtyýar ýaşamagy, sagdyn bolup ýetişmegi barada uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Resul Atajanow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy.