Il­kin­ji ge­zek mek­de­be bar­ýan ça­ga­la­ryň ata-ene­le­ri­ne mas­la­hat­lar

6 Sentýabr 2024
34

Is­len­dik ata-ene per­zen­di­niň so­wat­ly bol­ma­gy­ny, go­wy bi­lim al­ma­gy­ny hem-de ter­bi­ýe­li, il-gü­ne ge­rek­li yn­san bo­lup ýe­tiş­me­gi­ni is­le­ýär. Ça­ga­nyň gel­jek­de kä­mil yn­san bo­lup ýe­tiş­me­gin­de ter­bi­ýe­çi­le­re, mek­dep mu­gal­lym­la­ry­na hem-de ata-ene­le­re uly jo­gap­kär­çi­lik düş­ýär. Esa­san hem, ýa­ňy mek­de­biň bo­sa­ga­syn­dan ät­län ça­ga­jyk­la­ryň hos­sar­la­ry has üns­li bol­ma­ly. Oka­ma­gy we ýaz­ma­gy ýa­ňy öw­re­nip baş­lan ça­ga­jy­ga mek­de­be öw­re­niş­mek, sa­pak­la­ra gi­riş­mek kyn dü­şüp bi­ler. Şol se­bäp­li ata-ene­ler mu­gal­lym­lar bi­len ýa­kyn gat­na­şyk­da bol­mak bi­len, ça­ga­nyň öý iş­le­ri­ne, san­la­ry we harp­la­ry ýat tut­ma­gy­na gö­zeg­çi­lik et­me­li. Baş­lan­gyç bi­li­mi ta­la­ba­la­ýyk ele al­mak ça­ga­nyň gel­je­gi­ne öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Hü­när­men­ler il­kin­ji ge­zek mek­de­be bar­ýan ça­ga­la­ryň ata-ene­le­ri­ne şu usul­la­ry ulan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler.

Oku­wyň ze­rur­dy­gy­ny dü­şün­dir­meli. Ça­ga­la­ryň kö­pü­si il­ki­baş­da mek­de­be nä­me üçin gat­na­ýan­dy­gy­na dü­şün­me­ýär. Şol se­bäp­li ata-ene­ler ça­ga­la­ra il­ki bi­len mek­dep­de be­ril­ýän bi­li­miň, oka­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny dü­şün­dir­me­li. My­sal­lar ge­tir­mek ar­ka­ly, nä­me üçin ma­te­ma­ti­ka­ny öw­ren­ýän­di­gi­ni, nä­me üçin ta­ry­hy bil­me­li­di­gi­ni, nä­me üçin da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň öw­re­dil­ýän­di­gi­ni dü­şün­dir­me­li. Ça­ga­nyň oňaý­syz pi­kir­le­ri­ne tä­sir edip, mek­de­be we oku­wa bo­lan söý­gü­si­ni ga­zan­ma­ly. Al­ýan bi­lim­le­ri­niň gel­jek üçin, kä­mil yn­san bo­lup ýe­tiş­mek üçin nä­hi­li ze­rur­dy­gy­ny ynan­dyr­ma­ly.