Güýz pas­ly­ny gar­şy al­ma­gyň fes­ti­wa­ly

6 Sentýabr 2024
26

Güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bilen dün­ýä­niň bir­nä­çe ýur­dun­da şat­lyk­ly we öz­bo­luş­ly fes­ti­wal­lar bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Bu fes­ti­wal­lar­ ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri meş­hur bo­lup, hal­kyň mil­li­li­gi, oba ho­ja­lyk möw­sü­mi we di­ni däp-des­sur­lar bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şeý­le fes­ti­wal­la­ryň bi­ri hem «La Merce» fes­ti­wa­ly­dyr.

Meş­hur aý­dym-saz şü­we­leň­le­ri bi­len ta­nal­ýan Bar­se­lo­na şä­he­rin­de güýz pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len ga­dy­my baý­ram­çy­lyk­la­ryň bi­ri bo­lan «La Merce» fes­ti­wa­ly uly şow­hu­na bes­len­ýär. 1902-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän «La Merce» fes­ti­wa­ly ka­ta­lon­la­ryň mil­li baý­ra­my­dyr. «To­mus bi­len hoş­laş­ma­gyň we güý­zi gar­şy al­ma­gyň» ala­ma­ty hök­mün­de 5 gün bel­le­nil­ýän bu fes­ti­wal şu ýyl 20-24-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­ler. Fes­ti­wa­lyň do­wa­myn­da gi­je­ki ýö­riş­ler, kö­çe­ler­de mil­li tans­lar we ag­şa­my­na kor­re­fok­ly (uç­ga­nak­la­ýan ki­çi fe­ýer­werk) şü­we­leň­ler gu­ral­ýar. «La Merce» fes­ti­wa­ly­nyň iň esa­sy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri hem Bar­se­lo­na­nyň «Pla­ça de Sant Jau­me» mer­ke­zi meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ril­ýär. Meý­dan­ça bir­nä­çe adam top­la­nyp, adam di­ňi­ni (kas­tel­ler) ýa­sa­ýar­lar we çür de­pe­si­ne ki­çi­jik ça­ga­jy­gy çy­kar­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da, ça­ga­la­ryň iň söý­gü­li to­ma­şa­sy «äpet adam­la­ryň ýö­ri­şi» ge­çi­ril­ýär. «La Merce» üýt­ge­şik wa­ka­la­ra baý fes­ti­wal­dyr.