Ikin­ji möh­le­te da­laş et­mek­çi

6 Sentýabr 2024
21

Mol­do­wa­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Maý­ýa San­du pre­zi­dent­lik bäs­le­şi­gi­ne gat­naş­jak­dy­gy­ny res­mi taý­dan mä­lim et­di. Ol özü­niň «He­re­ket we raý­daş­lyk» par­ti­ýa­sy ta­ra­pyn­dan da­laş eder. Onuň şy­ga­ryn­da «Mol­do­wa üçin Maý­ýa San­du» di­ýen ýaz­gy bar. Go­laý­da bu par­ti­ýa öz da­laş­gä­ri­ni gol­da­mak mak­sa­dy bi­len baş­lan­gyç to­pa­ryň dö­re­di­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Maý­ýa San­du «Di­gi­tal» se­ýil­gä­hin­de ge­çi­ri­len çä­re­de öz ta­rap­dar­la­ry­na ýüz­le­nip şeý­le diý­di:

– Biz Ga­raş­syz­ly­gy­my­za eýe bo­la­ny­myz­dan bä­ri 2024-nji ýyl­da ýur­du­myz üçin iň mö­hüm ka­ra­ry ka­bul ede­ris. Biz sa­la sa­l­şyk ar­ka­ly da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň ug­ru­ny kes­git­lä­ris. Men bi­ziň hal­ky­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy we er­kin­li­gi saý­la­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn. Şeý­le hem biz 2024-nji ýyl­da döw­let Baş­tu­ta­ny­ny saý­la­ýa­rys. Me­niň mak­sat­na­mam düş­nük­li: dur­muş we öza­ra dü­şü­niş­mek üçin has go­wy şert­ler – di­ýip, Mol­do­wa­nyň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Maý­ýa San­du bel­le­di.