Ýaponiýanyň sanlylaşdyrma işleri boýunça ministri Taro Kono ýurduň dolandyryjy Liberal-demokratik partiýasynyň (LDP) başlygy wezipesine öz dalaşgärligini yglan etdi, ýeňiji sentýabr aýynda geçiriljek partiýa saýlawlaryndan soň indiki Premýer-ministr bolar. Ol bu karary barada metbugat ýygnagynda mälim etdi.
Häzirki güne çenli öňde duran saýlawlara gatnaşmakçydygyny Ýaponiýanyň öňki ykdysady howpsuzlyk ministri Takaýuki Kobaýasi, öňki goranmak ministri Sigeru Isiba yglan etdiler. Mundan başga-da, LDP-niň başlygynyň saýlawlaryna gatnaşmagy meýilleşdirýän daşary işler ministri Ýoko Kamikawa dalaşgär hökmünde hödürlenmegi üçin zerur goldawy aldy. Jemi 11 syýasatçy Ýaponiýada partiýanyň lideri wezipesine esasy dalaşgärler hasaplanýar.