ABŞ-nyň häzirki wise-prezidenti, demokratlar tarapyndan prezidentlige dalaşgär hödürlenen Kamala Harris saýlawlardan iki aý öň CNN teleýaýlymynyň studiýasyna baryp, ilkinji gezek alypbaryjy Dana Baş bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Bir aý mundan ozal prezidentlige dalaşgär hökmünde hödürlenen Kamala Harris bir sagada çeken söhbetdeşliginde, esasan, içerki meselelere ünsüni jemledi. Şeýle hem ol söhbetdeşligiň dowamynda ýakyn wagtda ýurtda geçiriljek Prezident saýlawlary, ABŞ-nyň häzirki lideri Jozef Baýdeniň alyp barýan syýasaty we Meksika bilen serhetdäki ýagdaýlar barada durup geçdi. Söhbetdeşligiň barşynda Kamala Harris daşary syýasatda Baýdeniň administrasiýasynyň alyp barýan syýasatyna berk eýerjekdigini belledi. Harris saýlawlarda ýeňiş gazansa, ilkinji maksatlary we anyk ädimleri barada jikme-jik sanap geçmedi. Muňa derek, ykdysadyýeti ösdürmek meselelerine aýratyn ünsi çekdi.