Ertir 1-nji sentýabr günüdi. Agşam işlerimi birýüzli edip, internet sahypalarynda ýerleşdirilen täzelikler bilen tanşyp başladym, internet ýazgylarynyň birinde: «Salam, mugallym! Gör, nähili gulaga ýakymly eşidilýän sözler. Elbetde, dünýäde iň hormatly käriň haýsydygy barada soralsa, «mugallymçylyk» diýip jogap bererdim. Sebäbi mugallym öwredýän ussat, öz ömrüni ylym öwretmek ýaly asylly işe bagyş edýän beýik ynsandyr. Mekdep ýyllaryny mugallymsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl» diýen setirlere gözüm düşende biygtyýar çagalyk ýyllarym ýadyma düşdi. Elbetde, mährem ene perzentleri üçin ilkinji mugallym we ilkinji basgançakdyr. Ýaşaýşyň dowam etmegi bilen aýlar, ýyllar aýlanyp, çaga belli bir ýaşyna ýetensoň maşgalanyň islegine görä çagalar bagyna berlip, çaga üçin eýýäm ikinji mugallym, ýagny terbiýeçi bolup ikinji basgançaga çykyp başlaýar. Çagajyklar çagalar bagynda terbiýeçiniň, ýagny ikinji mugallymyň olara berýän mähir-yhlasy netijesinde ýuwaş-ýuwaşdan durmuşa ädim ädip başlaýar. Çagalar bagynda terbiýeçi mugallymlar çagalaryň elinden tutup, ak kagyzyň ýüzüne çyzgyjyklar çekip, olaryň kitaba, surata bolan höwesini oýaryp başlaýarlar. Elbetde, çaga mekdebe taýýarlygy çagalar bagyndan başlap öwrenip başlaýar. Soňra mekdep ýaşyna ýetende 1-nji sentýabr güni, mähriban ene-atalarynyň elinden tutup, mekdebe baryp, özlerine berkidilen mugallym bilen garşylaşýarlar we durmuşyň üçünji basgançagyna tarap ýola rowana bolup başlaýarlar.
Ýadyma düşýär, mährem käbäm ekiz taýym Almagül ikimiziň elimizden tutup Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän 1-nji orta mekdebiň saýaly baglardan doly owadan howlusyna elteninde içi okuwçy oglan-gyzlardan doly mekdebe haýran galyp seredýärdik. Soňra mekdebiň okuw müdiri Çary mugallym bizi bir kiçiräjik okuw otagynyň gapysyna getirip: «Ine çagalar, size berkidilen mugallym» diýip, ak ýüzli, uzyn boýly, görmegeý mugallym gyz bilen tanyşdyrypdy. Mugallymymyz Dürli Orazowa mähirli ýylgyryşy bilen bizi garşylapdy. Elbetde, mugallymyň güler ýüzi, ilkinji nobatda, täze okuwa gelen okuwçy üçin iň zerur şatlykdy.