2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy Ýer ýüzünde millionlarça hojalyklaryň we maşgalalaryň medeni durmuşynda hem-de azyk üpjünçiliginde uly orny eýeleýän düýeleriň ähmiýetini we ornuny dabaralandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýyly «Düýeleriň halkara ýyly» diýip yglan etdi. Bu halkara resminama Ýer ýüzüniň ilaty tarapyndan şatlyk bilen kabul edildi.
Dünýä halklarynda we jemgyýetçilik durmuşynda düýeler iň peýdaly jandarlaryň biri hökmünde ulanylýar. Gündogar edebiýatynda we akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň gazallarynda düýäniň piri Weýis baba, Salyh pygamber hem-de ojaklaryň mukaddes sekiz haýwanynyň biri düýe hasap edilip görkezilýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň lirikasynda düýedarçylyk medeniýetiniň gymmatlyklary, leksik aňlatmalar asyl we göçme manylary aňladýan, salgylanma, deňeşdirme, meňzetme görnüşlerde beýan edilýän çeper galyplarda teswirlenýär. Olaryň iň görnükli nusgalarynyň sanawyna «Gözlemeýän bolarmy», «Gürgeniň», «Guluň boldum», «Ýar çeker», «Rysman dakarlar», «Andadur», «Dursa gerekdir», «Bizge rowana», «Alnyňda», «Munda çilimkeş», «Görüm görülmegen ýerde», «Gybatkeş», «Alan ýagşydyr», «Näbilsin», «Türkmeniň», «Är ýanynda bellidir», «Gelse gerekdir», «Çatyp bolmaýyr», «Jan içinde», «Bikararam dogrusy», «Gadryn näbilsin», «Bitmek gerek», «Ötüp baradyr», «Bular gelmedi», «Bagtym garadyr», «Aşyk bolmuşam», «Ýar eýlär», «Ýör biläni», «Tekepbirlik eýlär», «Aýrylsa», «Çowdur han» ýaly onlarça şygyrlaryny goşmak bolar. Dünýä edebiýatynyň tanymal söz zergäri Magtymguly Pyragynyň «Arwananyň ýüki galmaz, Ýola girseň ner biläni», «Ýatsa kerwen ýaman ýerde, Serdar mugtaberlik eýlär», «Kerwen ýata bilmez gorkuly ýerde», «Bezirgenler mydam ýola bil baglar», «Bezirgenler yrak ýolun unutdy», «Sähraýa aşyk bolmuşam», «Hindistana bezirgenlik kylanlar», «Agyr bezirgenli tüçjar eýeler», «Bir bezirgenem menem», «Mugjyz ile Salyhyň daşdan çykypdyr maýasy», «Bezirgenler gider Mazenderana», «Saraý weýran kerwenimi ugratdym», «Sarwanym azaşdy, dargady malym», «Akmaýa aldyrsa elden köşegin», «Hatarlanşyp duran iner, maýalar», «Iner olumyndan däli, Gürgeniň», «Göýä ki bir sarwan men», «Ner, bugra sypatly uçgun çykarlar», «Niçesi bugra dek, niçesi ner dek», «Hataryň görküdir maýalar, nerler», «Diňle sözüm, ner zarbyny ner tanyr», «Arwananyň kuwwaty, Ner ýanynda bellidir», «Çöle çykyp maýa bozlar, Torum göze ilmeginçe», «Çyrpynşar çölünde neri, maýasy», «Töwekgel ner behm eder», «Hyra ner dek ak köpükler saçypdyr», «Ulag bardyr uzak ýollar geçmäge», «Ýeke eşekli: «At ber, esrik ner» diýer», «Iman bile barsaň, ner dek bolar sen!», «Gäp-günähiň ýat edip, tur säherler ýyglagyl» «Töwekgel ner erer, endişe maýa», «Tiwe ýaňlyg ýatan dagda daşlary, Gol bilen göterip, atyp bolmaýyr», «Çille mest nerlerimiz barça ýaýylsyn», «Ner-maýa çyrpynan otly ýaýlagym», «Sagy erkek, soly dişi», «Gürbeden şir bolmaz, göhertden ner bolmaz», «Bady-şütri münüp elwana ýörsem», «Magtymguly, kimse deşdedir, sarwan», «Hatardan azaşdym, kerwende eken», «Hatarlanyşyp kerwen öter», «Gelleban arbaba dönüp, bolmuş arbaplar emir», «Her göhertden bugra bolmaz, ner bolmaz», «Ulag gadryn bilmez, kişi armasa», «Düýe aýdar: «Otlar men», «Bir mada eşek dek gelip sen deme» diýen parasatly, hümmetli setirleri düýedarçylyk leksikasy bilen berk baglanyşyklydyr.