Ýer ýüzüni aýlanan küýze

6 Sentýabr 2024
23

2014-nji ýyl­da Şot­lan­di­ýa­da ta­py­lan küý­zä­niň Gün­ba­tar Azi­ýa de­giş­li­di­gi we Ýer ýü­zü­niň ýa­ry­sy­ny aý­la­nan­dy­gy anyk­lan­dy. Şot­lan­di­ýa­nyň mil­li mu­ze­ýin­de sak­lan­ýan wi­king­ler döw­rün­den ga­lan Gal­lo­weý ha­zy­na­sy­nyň bir bö­le­gi bo­lan ga­byň Sa­sa­ny­lar döw­rün­de ýa­sa­lan­dy­gy anyk­lan­dy. Gal­lo­weý ha­zy­na­sy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan ta­ry­hy eser 2014-nji ýyl­da me­tal gözleýji bi­len ge­çi­ri­len göz­le­giň ne­ti­je­sin­de ta­py­lyp­dy. 2017-nji ýyl­da bu gym­mat ba­ha­ly ta­ry­hy ese­ri Şot­lan­di­ýa­nyň Mil­li mu­ze­ýi sa­tyn alyp­dy. Ge­çi­ri­len soň­ky bar­lag­lar­da kü­müş ga­byň Gün­ba­tar Azi­ýa de­giş­li­di­gi, onuň ýü­zün­dä­ki na­gyş­lar­da tä­jiň, oduň, ge­çi­gap­la­ňyň we gap­la­ňyň şe­kil­le­ri­niň bar­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Na­gyş­la­ryň zo­roast­rizm bi­len bag­ly­dy­gy bel­le­nil­di. Ga­byň ýü­zün­dä­ki bir şe­kil Sa­sa­ny­la­ryň pu­lun­da hem ga­bat gel­ýär. Şe­kil­de ot­dan çy­kyp du­ran täç bar.

Gal­lo­weý ha­zy­na­sy «Bri­ta­ni­ýa­da asy­ryň ta­ry­hy ta­pyn­dy­sy» diý­lip at­lan­dy­ry­lyp­dy. Bu gym­mat­ly eser «Gal­lo­way Hoard: Viking-age Trea­su­re» ady bi­len ge­çi­ril­jek ser­gi­ler ar­ka­ly dür­li mu­zeý­ler­de we ga­le­re­ýa­lar­da köp­çü­li­ge gör­ke­zi­ler.