Halkymyzyň abadan ýaşaýşy üpjün edilýär

6 Sentýabr 2024
37

Il­ki bi­len, Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň sek­re­ta­ry, go­ran­mak mi­nist­ri B.Gün­dog­dy­ýew şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri Mil­li go­şu­ny­my­zyň bö­lüm­le­rin­de al­nyp bar­lan iş­ler, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň go­ra­nyş uky­by­ny pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ol ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­ri­niň işi­ni döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da kä­mil­leş­dir­mek, har­by gul­luk­çy­la­ryň gul­lu­gy we ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­ret­mek ba­bat­da gö­rül­ýän çä­re­ler, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýö­ri­te­leş­di­ri­len okuw mek­dep­le­rin­de gi­riş sy­nag­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len­di­gi, şan­ly se­ne – Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly har­by ýö­ri­şe taý­ýar­lyk gö­rül­ýän­di­gi ba­ra­da aýt­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, di­ňe go­ra­nyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan we üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Har­by dokt­ri­na­nyň Türk­me­nis­tan­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de asu­da dur­mu­şyň yg­ty­bar­ly ke­pi­li hök­mün­de çy­kyş ed­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döwlet Baştutanymyz mi­nistr­li­giň ga­ra­ma­gyn­da­ky dü­züm­le­riň işi­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ni, go­şun­la­ryň äh­li ky­sym­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­ny har­by ul­gam­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň esa­sy we­zi­pe­le­ri hök­mün­de kes­git­le­di.