Sarpaly senetkärler

8 Awgust 2024
155

Düýn ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň meseleleri we dünýä tejribesi» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň guramagynda geçirilen maslahata köpöwüşginli milli senetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.

Bilşimiz ýaly, senetçilik bilen meşgullanýanlaryň işi hemişe-de senaly sözler bilen taryplanyp gelipdir. Halk paýhasy siňen atalar sözünde hem ol giňden beýan edilipdir: «Hünärli ýigit hor bolmaz», «Hünärliniň hormaty artyk». «Elleriňe güller bitsin!» diýlip alkyşlanýan, «on barmagyndan dür dökülýän» senetçiler şu güne çenli arzylanyp gelýär. Olar muňa aňryýany bilen mynasyp. Munuň şeýledigine maslahatyň dowamynda edilen çykyşlardan hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.