Eşretli ýaşaýşyň hem-de abadan durmuşyň gözbaşy

7 Awgust 2024
126

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak babatda tutumly işler alnyp barylýar. Jemgyýetiň sagdynlygy ýurdumyzyň ösüşiniň berk binýady bolmak bilen, eşretli ýaşaýşyň hem-de abadan durmuşyň gözbaşydyr. Ýurdumyzyň daýanjy bolan ýaşlaryň sagdyn ösüp-ulalmaklary, bedenterbiýäni we sporty hemra edinmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, uzak we ýakyn geljegi nazarlaýan maksatnamalar kabul edilýär, kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär. Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak, temmäkä garşy göreşmek, alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak, ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň rowaçlanmagyny gazanmak babatda kanunlaryň, maksatnamalaryň kabul edilmegi ynsan saglygy baradaky aladanyň «Beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri aýratyn ähmiýet berip gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdygyny açyk-aýdyň görkezýär.

Berkarar ýurdumyzda ynsan saglygyna zyýanly endikleriň garşysyna aýgytly göreş alnyp barylýar. Neşe maddalarynyň, alkogolyň, temmäkiniň adam saglygyna ýetirýän zyýany örän uludyr. Ýaramaz endikler adam ömrüniň dowamlylygyny azaldýar. Sagdyn ýaşamak we bedenterbiýedir sport bilen meşgullanmak, işjeň hereketde bolmak, zyýanly endiklerden daşda durmak barada geçirilýän wagyz-ündew çäreleriniň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek.

Şatlyk ÖDÄÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Balkan welaýat müdirliginiň Türkmenbaşy şäher bölüminiň döwlet bellige alyjysy.