Mekdep bazarlarynda söwda gyzyşýar

7 Awgust 2024
89

Her ýyl täze okuw ýylynyň bosagasynda ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da mekdep bazarlary işläp başlaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üstümizdäki aýynyň ilkinji gününde hem bu işe guramaçylykly girişildi.

Welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginde bize habar berişlerine görä, etrapdyr şäherlerimizdäki ýaşaýyş jaý toplumlarynda, daýhan bazarlarynyň ýanynda göçme söwda nokatlarynyň 51-si hereket edýär. Şonuň ýaly-da birleşige degişli dükanlaryň 570-sinde hem mekdep burçlary döredildi. Alyjylara oňaýly bolmagy üçin bu söwda nokatlary ir säherden tä giç öýläne çenli dynç alyş günsüz işledilýär.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.