Sazy sözleýän sözler

7 Awgust 2024
66

Saz paýhasdan we pelsepeden has ýokary açyşdyr.

Bethowen.
*  *  *
Sazyň maksady ýüreklere aralaşmakdyr.
Bah.
*  *  *
Söýgi bolmasa, adam ýüreginde haýsy sazy göterip ýörendigini hiç wagt bilmez.
Oşo.
*  *  *
Saz hasraty gark edýän güýçdür.
Şekspir.
*  *  *
Saz ýeke-täk dünýä dilidir, ony terjime etmegiň zerurlygy ýok, onda göwün bilen göwün gepleşýär.
Auerbah.
*  *  *
Aýdym-saz bütin dünýäni ruhlandyrýar, ruhy ganatlar bilen üpjün edýär, hyýalyň uçmagyna kömek edýär, ähli zada ýaşaýyş we şatlyk berýär. Ony owadan we ajaýyp zatlaryň beýany diýip atlandyryp bolar.
Platon.