Mekdep bazarlary: bol we elýeter

7 Awgust 2024
94

Tomusky dynç alşyň bosagasynda gezelenç etjek ýerlerini hyýalynda janlandyryp tolgunan mekdep okuwçylary häzirki günlerde ýene-de mugallymlaryny we synpdaşlaryny görmegiň, olar bilen täze bilimleri özleşdirmegiň höwesinde 1-nji sentýabra çenli galan günleri barmak büküp sanaýarlar. Täze okuw ýylyna täze mekdep lybaslary we okuw esbaplary bilen barmak bolsa has-da ýakymly. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ýurdumyzda bu babatda her ýyl alada edilýär. Diýarymyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem awgust aýynyň ilkinji gününden mekdep bazarlarydyr göçme söwda nokatlary işläp başlady.

Welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginden habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň gündogar sebitinde ýörite mekdep lybaslarynyň we okuw esbaplarynyň söwdasyny alyp barýan göçme nokatlaryň 51-si, dükanlardyr söwda merkezleriniň ýanynda mekdep burçlarynyň 570-si döredildi. Olar ýokary derejedäki hyzmaty we haryt bolçulygy bilen gözüňi dokundyrýar. Şeýle bolansoň, mekdep bazarlarynyň daş-töweregi hemişe köp adamly. Şu günler olarda söwda gyzgalaňly dowam edýär. Bu bazarlardaky esasy aýratynlyk bolsa elýeter bahalaryň ildeşlerimiziň göwnüni göterýändigidir. Galamlardyr depderlerden başlap, okuwçy oglanlaryň penjek-balaklaryna, gyzlaryň köýneklik matalaryna ýa-da taýýar köýneklerine çenli iň elýeter bahalardan hödürlenilýär. Şunda dokma önümleriniň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilendigini bellemek ýakymly. Şu günler Türkmenabatdaky tikin kärhanasy hem önümçiliginiň esasy ugruny mekdep lybaslaryny öndürmäge gönükdirdi. Bu kärhanada okuwçy ýantorbalarynyň önümçiligi hem üstünlikli alnyp barylýar.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.