Ýaşlar muzeýde boldular

6 Awgust 2024
102

Änew şäherindäki Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine etraplardan gelen ýaşlar üçin syýahat guraldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat hem-de Ak bugdaý, Tejen, Babadaýhan, Sarahs etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagyndaky syýahat «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna, şeýle-de Änew şäheriniň şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlandy.

Syýahat turuwbaşdan ýakymly täsirlere beslendi. Ýaşlar sergi zallaryna aýlanyp, taryhy eksponatlary uly gyzyklanma bilen synladylar. Muzeýiň hünärmenleri sergi bölümleriniň aýratynlygy, olarda sergilenen gymmatly tapyndylar hakda syýahata gatnaşyjylara gürrüň berdiler. Syýahatyň çäginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyndan ugur alnyp guralan söhbetdeşlik hem gyzykly boldy.

Güljemal ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.