Ýadygärlige syýahat

6 Awgust 2024
90

Şu ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap Geňeşleri tarapyndan täsirli çäreler guralýar. Ak bugdaý etrabynyň çäginde, Änew şäheriniň merkezinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Seýit Jemaleddin ýadygärligine guralan syýahat hem şeýle çäreleriň biri boldy.

Edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar üçin guralan syýahatyň barşynda oňa gatnaşanlar XV asyrda bina edilen, gurluşygynda binagärlik sungatynyň ajaýyplyklaryny özünde jemlän Seýit Jemaleddin ýadygärligini uly gyzyklanma bilen synladylar. Asyrlarboýy özüniň baý taryhy bilen jahankeşdeleriň ünsüni çekip gelýän täsin ýadygärligiň taryhy dogrusyndaky gürrüňleri uly gyzyklanma bilen diňlediler. Bu syýahat ýaşlarda ýakymly duýgulary döretdi.

Rejepgeldi ATAJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.