Dynç alyş günleri şatlykly geçýär

5 Awgust 2024
246

«Awazada» ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň şatlykly günleri dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň çagalaryň gowy dynç almagy üçin döredip beren mümkinçilikleri çagalar üçin ýatdan çykmajak sowgat boldy. Olar bu ýerde wagtlaryny örän şadyýan we manyly geçirýärler, birek-birek bilen dostlaşýarlar.

Dynç alyş günlerinde merkezde dynç alýan çagalar «Rowaç» gämisinde gezelenç etdiler. Gämide aýdym-sazly gezelenjiň guralmagy çagalarda ruhubelentlik döretdi. Şeýle hem merkezde «Awazanyň tolkuny–göwünleriň ylhamy» atly  sowal-jogap bäsleşigi diýseň täsirli geçdi.

Altyn SARYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».