Awazadaky ajaýyp günler

5 Awgust 2024
148

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen guralýan «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çäreleri dowam edýär. Ýurdumyzyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň çagalarynyň gatnaşmagynda dynç günlerinde geçirilen çäreler hem diýseň täsirli boldy.

Çagalar «Awaza» derýasy boýunça gämili gezelenç edip, bu derýanyň boýunda ýerleşýän «Gämiler dünýäsi» atly deňizçiligiň we gämiçiligiň taryhy bilen tanyşdyrýan muzeýe aýlanyp gördüler.

(Öz habarçymyz).