Matematika höwesli oglanjyk

5 Awgust 2024
292

Häzirki wagtda matematika, hasaplama, sanlar, arifmetika ýaly ugurlar bilen gyzyklanýan ýaş nesillerimiziň sany barha artýar. Olar ylym dünýäsine aralaşmaga we täze-täze zatlary gözlemäge, öwrenmäge höwesek. Ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasaty netijesinde ýaş nesiller özleriniň ukyp-başarnyklaryny ýaryşlarda, olimpiadalarda, halkara bäsleşiklerde görkezip gelýärler. Ine, şeýle zehinli okuwçylaryň biri-de Hemra Gurbanowdyr.

Hemra häzirki wagtda Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň 8-nji synpyny üstünlikli tamamlady. 14 ýaşly zehinli oglanjyk indi üç ýyl bäri matematika dersi bilen içgin gyzyklanyp gelýär. Okuwdan boş wagtlary Hemra ýörite sapaklara, okuw merkezlere gatnap, bu ugur boýunça bilimini kämilleşdirýär. Has takygy, ol Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiň ýaş olimpiadaçylary taýýarlaýan merkezinde, «Gujurly» bilim merkezinde matematika boýunça bilim alýar. Netijede, Hemra ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde yzygiderli baýrakly orunlary gazanmagy başarýar. Bu bolsa oňa halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalara gatnaşmaga, olarda öz zehinini görkezmäge mümkinçilik berdi. Ol şu ýylyň maý aýynyň 26 — 31-i aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen Muhammet al-Horezmi adyndaky Halkara matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdi. Hemra bu olimpiadanyň kümüş medalyna eýe boldy. Bu diňe hemmesi däl, ol «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 25 — 30-njy iýuny aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen 28-nji Balkan Matematika olimpiadasyna-da gatnaşdy. Hemra bu olimpiadadan hem ýurdumyzyň baýrak gaznasyna kümüş medal getirmegi başardy. Elbetde, bu görkezijiler ýaş zehiniň matematika dersine bolan höwesiniň ýokary derejededigine şaýatlyk edýär.

«Güneş».