Sport ulgamy: hukuk binýady berkidilýär

3 Awgust 2024
165

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan beýik işlerde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ilkinji nobatda bolsa ýaş nesliň röwşen geljegi ugrundaky aladalar baş wezipeleriň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek işini milli parlament esasy we möhüm wezipe edip öňe çykarýar. Çünki demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň hukuk binýadyny döwrebap derejede kämilleşdirmek, ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alyp döwrebaplaşdyrmak häzirki döwrüň möhüm talaby hasaplanýar.

Döwletimiziň ösüş maksatnamalarynyň, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy ugurlarynda bilimde, ylymda we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini amala aşyrmak derwaýys maksatlar hökmünde kesgitlenýär.

Bahar SEÝIDOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.