Mukaddes borja wepalylyk

2 Awgust 2024
197

Ýurdumyzda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky döwrebap işler döwletimiziň kanunçylyk binýadyny halkara ülňülerine laýyk getirmek bilen birlikde milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge hem amatly şertleri döredýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçýän üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşlerini kesgitleýän şeýle kanunlaryň birnäçesi kabul edildi. Şu günler biz degişli gulluklaryň wekilleri bilen bilelikde halk köpçüliginiň arasynda duşuşyklary gurap, kabul edilýän kanunlaryň ähmiýetini giňden düşündirýäris.

Duşuşyklarda edilýän çykyşlarda adam hukuklaryny we azatlyklaryny, raýatlaryň kanuny bähbitlerini üpjün etmäge, maşgala gymmatlyklaryny, maşgalany, eneligi we çagalygy goramaga, maşgala we nika gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen giň maksatnamalaýyn işler wagyz edilýär. Şeýle hem bu ugurdaky işleri kanunçylyk taýdan berkitmekde «Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenen «Hossarlyk we howandarlyk edaralary hakynda» düzgünnamanyň uly ähmiýete eýedigi aýratyn nygtalýar. Şeýle duşuşyklara, wagyz-ündew çärelerine ýaşuly nesliň wekilleriniň, bilim we saglygy goraýyş işgärleriniň işjeň gatnaşmaklary bu işleriň netijeliligini has-da artdyrýar.

Merdan ATAJANOW,
Köýtendag etrap raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri.