ABŞ-nyň «Visa» we «Mastercard» ýaly töleg boýunça ägirtleriniň Ýewropada täze bäsdeşi peýda boldy. «Euronews»-iň ýazmagyna görä, täze «Wero» hyzmaty eýýäm sarp edijileriň köpüsi üçin elýeterli. «Wero» – ýeke-täk sanly töleg hyzmaty bilen üpjün etmek maksady bilen döredilip, Ýewropanyň 16 bankynyň we maliýe guramalarynyň ulgamy bolan Ýewropanyň Töleg Başlangyjy (EPI) tarapyndan ençeme ýyllap dowam eden işiniň netijesidir.
Sanly gapjyk eýýäm bar bolan «Payconiq» we iDEAL ulgamlaryna esaslanýar. Ol müşderilere diňe telefon belgisini ulanyp, Ýewropadaky beýleki ulanyjylara pul geçirmäge mümkinçilik berýär. Indi halkara bank hasabynyň kody bolan IBAN-yň hem zerurlygy ýok. «Wero»-nyň esasy artykmaçlyklaryndan biri hem pul ibermegiň we almagyň tizligidir.