Pe­zeş­ki­an ka­sam ka­bul et­di

2 Awgust 2024
97

30-njy iýul­da mej­li­siň bi­na­syn­da Eý­ra­nyň tä­ze saý­la­nan Pre­zi­den­ti Ma­sud Pe­zeş­kia­nyň ka­sam ka­bul ediş­lik da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Pe­zeş­ki­an par­la­ment we­kil­le­ri­niň, Kons­ti­tu­si­ýa­nyň go­rag­çy­lar ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň we ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy­nyň gat­naş­ma­gyn­da ka­sam ka­bul et­di. Bu da­ba­ra 80-den gow­rak ýurt­dan ýo­ka­ry de­re­je­li myh­man­lar, şol san­da, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky türk­men we­ki­li­ýe­ti hem gat­naş­dy.

Da­ba­ra­ly çä­re Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň se­na­sy­nyň ýaň­lan­ma­gy we mu­sul­man­lar üçin mu­kad­des ki­tap – Gur­han okal­ma­gy bi­len baş­lan­dy. Il­kin­ji söz Eý­ra­nyň içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň baş­ly­gy Ah­mad Wa­hi­dä be­ril­di. Ol öz çy­ky­şyn­da ýurt üçin tä­ze şöh­rat­ly döw­rüň baş­lan­ýan­dy­gy­ny mä­lim edip, «şu gün­ki gün äh­li eý­ran­ly­la­ryň je­bis­li­gi­ni gör­kez­ýän gün» di­ýip bel­le­di. Soň­ra ka­zy­ýe­tiň baş­ly­gy Go­lam Hos­seýn Moh­se­ni-Ejei ýyg­na­nan­la­ra ýüz­le­nip, tä­ze Pre­zi­den­tiň öz hal­ky­na hyz­mat edip, ýur­duň ösü­şi­ne go­şant goş­ma­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy.