Jebislik — ösüşleriň kepili

2 Awgust 2024
112

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bitirilýän halk bähbitli, döwlet ähmiýetli nusgalyk işler biri-biriniň üstüni ýetirip, ýeneki ösüşler üçin täze gözýetimleri açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýip belleýär. Munuň şeýledigini duýup ýaşamak bolsa Diýarymyza bolan buýsanjyňy has-da artdyrýar. Berkarar döwletimiziň mynasyp ösüşlerini, mähriban il-ulsumyzyň durmuşyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän asylly işler, aýdyň maksatlar arkaly ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzda halk bilen döwletiň jebisligi ähli ösüşleriň, öňegidişlikleriň esasy kepili bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, ilkinji nobatda, ilimiziň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýar. Agzybirligi, jebisligi mizemez durmuş ýörelgesine öwrüp, ony asyrlarboýy dowam edip gelýän merdana ilimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletli başlangyjyny, ählumumy bähbitleri nazarlaýan taryhy tutumlaryny, uzak geljege gönükdirilen özgertmelerini tüýs ýürekden goldaýar.

Täze taryhy döwürde ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçilýän hem-de agzybirligimizi, jebisligimizi dabaralandyrýan milli baýramçylyklarymyz, şanly senelerimiz Diýarymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny äleme ýaýýar. Türkmen halky toý-baýramlaryny gadymy döwürlerden bäri uludan tutýan halk hökmünde tanalýar. Ynha, şu günler bagtyýar ulus-ilimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny uludan toýlamaga we ony ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemäge taýýarlyk görýär. Bu şanly senäniň öňüsyrasynda bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Bu asylly ýörelge halkymyzyň milli döwletliligini, mertebesini has-da şöhratlandyryp, Garaşsyzlygyň türkmen üçin mukaddesdigini, bahasyz gymmatlykdygyny, oňa bolan mizemez garaýşyny ýene-de bir ýola dünýä äşgär eder.

Aknur MEREDOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.