Döwrümiziň gül-gunçalary

31 Iýul 2024
165

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiz bolan çagalar barada uly alada edilýär. Olaryň ylymly, bilimli, edep-terbiýeli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertdir mümkinçilikler döredilýär. Şonuň bilen bir hatarda, körpeleri terbiýelemegiň öňdebaryjy tejribeleri, bilim bermegiň häzirki zaman usullary giňden ornaşdyrylýar. Çagalar baglaryndan başlap, ähli okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady barha berkidilýär. Bular ýaş nesliň geljekde eziz Diýarymyzy ösüşlere beslejek, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri baradaky belent maksady öz içine alýar.

Durmuşymyzyň gül-gunçalaryna deňelýän çagalar hakyndaky alada Watanymyzyň geljegi baradaky aladadyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzyň bilim ulgamynda nesilleriň döwrebap bilimine, terbiýesine berilýän üns gitdigiçe artýar. Özleri hakynda edilýän aladanyň, amala aşyrylýan işleriň gadyr-gymmatyna düşünýän, Watana, halka wepaly nesli kemala getirmek maşgalada ata-eneleriň, bilim-terbiýe ojaklarynda terbiýeçileriň, mugallymlaryň mukaddes borjy bolup durýar. Şonuň üçinem biz çagalar bagymyza gatnaýan körpelere berýän terbiýämizde taryhy maglumatlardan, edebi mirasymyzdan giňden peýdalanýarys. Bu işlerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplary, «Paýhas çeşmesi» kitaby, nusgawy şahyrlarymyzyň eserleri bize ýol görkeziji gollanma bolup hyzmat edýär.

Gülaýym NYÝAZMÄMMEDOWA,
Balkanabat şäherindäki 34-nji çagalar bagynyň müdiri, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.