Watan — pederleriň baky mirasy

31 Iýul 2024
142

Ata Watanymyz Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamak syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak arkaly, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýär, halkara abraýyny pugtalandyrýar. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ata-babalarymyzyň parahatsöýüjilik ýörelgeleriniň has-da dabaralanmagynda öz beýanyny tapýar. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygy berkarar edýän ýurtlaryň hatarynda tanalýar. Parahatsöýüjilikli ýörelgeler bolsa goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Watan goragy mukaddesdir» atly ajaýyp eserinde: «Ýaragly Güýçlerimiziň harby kuwwaty parahatçylyga gulluk etmäge gönükdirilendir» diýip belleýär. Munuň özi goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esaslarynyň parahatçylyk söýüjilige ýugrulandygyny alamatlandyrýar.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserindäki: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan merdana Watan goragçylaryna ömürdir, ykbaldyr, mertebedir. Bu gün gaýduwsyz, edermen türkmen serkerdeleri, ýaş watançy esgerler ata Watanymyzyň mukaddes goragynda sak durup, ýurt asudalygyny, parahatlygyny, abadanlygyny berkarar edýärler» diýlen çuňňur many-mazmuna beslenen sözler bize bildirilen uly ynamyň nyşanydyr, Watan goragy ýaly mukaddes borjy ak ýürekden berjaý etmekde ylham çeşmesidir. Hormatly Prezidentimiziň kitabynda beýan edilişi ýaly, merdana Watan goragçylarynyň öz mukaddes borçlaryny yhlasly hem döredijilikli gulluk bilen mynasyp ýerine ýetirmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş serkerdeler Watan goragynda täze menzillere gadam goýmak bilen, eziz Diýarymyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini pugta berjaý etmek, milli gymmatlyklarymyzy, raýatlarymyzyň asuda, bagtyýar durmuşyny, döredijilikli zähmetini goramak, jemgyýetimizde kanunyň hökmürowanlygyny dabaralandyrmak ýaly mukaddes borçlary gerdenlerine alýarlar.

Çarymyrat MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy, maýor.