Sungat äleminiň ýyldyzlary

31 Iýul 2024
426

Meşhur bagşy we onuň körpe ogly

Geleni geçirip duran bu pany dünýäde öçmejek yz goýup giden, ýurdumyzda giňden tanalýan jöwher pähimli mirasgär, öňki SSSR-iň döwlet baýragyna mynasyp bolan, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesini almak üçin işini tamamlasa-da, goramaga ýetişmän dünýäden gaýdan, ussat pedagog Ümür Esenow maňa burkazlaryň bäş bagşysy hakynda ýazgyn diýip sargapdy. Ümür aganyň aýdan şol bäş bagşysynyň biri meşhur Girman bagşynyň kakasy, «burkaz bagşy” diýip at alan, 1870-nji ýylda doglup 1943-nji ýylda dünýeden gaýdan Ýagşysähet Aly sopy ogly bolmaly.