Şadyýan tomus — 2024

31 Iýul 2024
287

Şatlykly pursatlara beslenýär

Tomus paslynda ähli mekdep okuwçylary tomusky dynç alşa çykýarlar. Olar oňat dynç alyp, wagtlaryny hoş geçirýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzda okuwçylaryň göwnejaý dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, ajaýyp seýilgähler gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bolsa çagalaryň oňat dynç almagyny üpjün edýär.