Hünärli nesil — halkyň buýsanjy

31 Iýul 2024
113

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýaşlary okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek we hilini ýokarlandyrmak, okuwa innowasion çemeleşmeleri, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, bilim-terbiýeçilik ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda ähli zerur şertler döredilýär. Bu giň gerimli işler Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde hem oňyn netijelerini berýär.

Halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy baradaky alada ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Döwletimiz bu asylly maksada ýetmek üçin serişde gaýgyrmaýar. Býujetiň 75 göterimden gowrak bölegi durmuş ulgamyna, şol sanda bilime we ylma gönükdirilýär. Munuň özi geljekki nesliň sagdyn, sowatly bolmagy üçin möhümdir. Türkmenistanyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalaryň, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýaşlar esasy daýanç bolup durýar. Biziň beýik geljegimiz, berkararlygymyz we bagtyýarlygymyz, ähli üstünliklerimiz ýaşlaryň edep-terbiýesinde, ösen aň-düşünjesinde, ylym-biliminde, döredijilikli zähmetinde, Watanymyza, halkymyza bolan söýgüsinde hem-de milli buýsanjynda jemlenendir.

Mahym BÄŞIMOWA,
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.