Edep endige öwrülsin

30 Iýul 2024
165

Adam ýaşap ýörse köp zatlary endik edinýär. Mysal üçin, ir bilen oýanyp ak säheri synlamagy, nurly Güni ýüze sylyp, il-günüňe, öý-ojagyňa, maşgalaňa ýagşy dilegler etmegi, her gün säher bilen işe çykyp gitmegi. Edil şonuň ýaly hem, ýürekdeş adamlaryň, joralaryňdyr dostlaryň, doganlaryň özlerini görmeseň-de, jaňlaşyp seslerini eşidip durmagy adaty endige öwürýän ekeniň. Adama garyndaş, dogan, ýanýoldaş, perzent ykbal tarapyndan serpaý berilýän bolsa, göwündeşi, pikirdeşi, ýürekdeşi durmuşdan özümiz seçip-saýlap alýarys. Has takygy, ýürekdeşlerimizi ykbal ýodalarymyzdan özümiz gözläp tapýarys. Şol adamlary tapanymyzdan soň olary biziň ýolumyzda duşuran ykbalymyzdan hoşal bolýarys. Toýuňda şatlygyňy, kyn günüňde gussaňy paýlaşyp bilýän, bir göwünden gopýan şeýle nazarkerde adamlary bolsa hatda geçip barýan aýlaryň, ýyllaryň başa salyp biläýjek aýralyklaryndan hem gorap saklasyň gelýär. Şol pursat halypa şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň şu setirleri ýadyňa düşüp:

Dost paýlansa äber diýip gyssanma,
Alaňdan soň gysgaltma hem gysgalma.
Dileg etse gözleriňi hem gysganma,
Birin ber-de, biri bilen oňup git

Dürnabat AŞYROWA,
«Ahal durmuşy».