Işjeňlige eýe boldy

30 Iýul 2024
105

Kaka etrabyndaky «Serdar» pamyk egriji fabriginde «Kämil kanun — berkarar binýat» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap kazyýetiniň, beýleki hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda bolan duşuşyga fabrigiň işçi-hünärmenleri gatnaşdy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan duşuşygyň esasy maksady ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan, kanunçylygy düşündirmekden ybarat boldy. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri bilen barha öňe barýan, şan-şöhratynyň arşa göterilýän çagynda döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadynyň hem yzygiderli pugtalandyrylýandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Gülşat GURBANNAZAROWA,
Kaka etrap kazyýetiniň arhiwçisi.