Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa gatnaşanlar Magtymguly Pyraga, watansöýüjilik, edep-ekram meselelerine bagyşlap ýazan goşgularyny labyzly okadylar, şeýle-de beýik akyldaryň goşgularynyň many-mazmunyny, ähmiýetini çeper dilde düşündirdiler. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, Watanymyzyň ösüş-özgerişleri barada gürrüň etdiler.
Bäsleşige gatnaşanlara we onuň ýeňijilerine Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.