Migrasiýa ilatyň köpelmeginiň esasy hereketlen

26 Iýul 2024
97

Birleşen Milletler Guramasy 2100- nji ýyla çenli çaga dogluşynyň derejesi pes we garrylygyň derejesi ýokary bolan ýurtlarda migrasiýanyň «özgerişligiň esasy hereketlendiriji güýji » hem-de demografik dinamika boljakdygyny öňe sürýär. BMG-niň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti tarapyndan taýýarlanan «Dünýäniň demografik geljegi – 2024» atly hasabatda «2054-nji ýyla çenli halkara migrasiýasy 52 ýurtda ilatyň köpelmeginiň esasy hereketlendirijisi bolar we bu san 2100-nji ýyla çenli 62 ýurda ýeter » diýlip bellenilýär. «Halkara migrasiýasy biziň dünýämizi emele getirýän esasy demografik meýilleriň biridir. Eger-de biz kynçylyklary ýeňip geçip, mümkinçiliklerden peýdalansak, inklýuziw we durnukly ösüşi gazanmak üçin tagallalarymyzy çaltlandyryp bileris » diýlip, BMG-niň hasabatynda tassyklanýar. Hasabatda Awstraliýa, Kanada we ABŞ ýaly çaga dogluşynyň has pes derejesi bolan ýurtlarda migrasiýanyň ilatyň köpelmegine sebäp boljakdygy bellenilýär. BMGniň geçiren barlaglaryna görä, mysal üçin, ABŞ-da 2054-nji we 2100-nji ýyllarda ilat «migrasiýa hasaba alynmazdan », degişlilikde, 13 göterim we 36 göterim pes bolar. Migrasiýa ölüm derejesini peseltmekden başga- da, dogluş derejesiniň «ýerini dolmaga kömek eder» hem-de Daniýa, Finlýandiýa, Islandiýa, Irlandiýa, Niderlandlar, Norwegiýa we Şweýsariýa ýaly ýurtlarda ilatyň