Dünýä täzelikleri gysga setirlerde

26 Iýul 2024
93

Perguza köli guraýar. Italiýanyň Sisiliýa adasyndaky Perguza köli howanyň global maýlamagy sebäpli gurady diýen ýaly. 1,8 inedördül kilometr meýdany tutýan sebitdäki ýeke- täk köl tebigy goraghananyň çägine girýär. Perguza göçegçi guşlaryň esasy dynç alyş ýeridi. Müsürli zenanyň keşbi döredildi. Alymlar 1500 ýyl mundan ozal ýaşap geçen gadymy müsürli zenanyň mumiýasy esasynda onuň 3D keşbini döretdiler. Braziliýanyň meşhur 3D dizaýneri Sisero Morais barlagçylar topary bilen bilelikde dikeldiş işini amala aşyrdy. Hünärmenler sanly portreti döretmek üçin zenanyň kelleçanagyny öwrendiler. Bir tigirli welosipedde geçdi. Imon Kiweni Irlandiýany bir tigirli welosipedde 5 gün 5 sagat 23 minutda geçip, täze dünýä rekordyny goýdy. 613 kilometr uzynlykdaky syýahat adanyň iň günorta nokady Mizen- Hedde başlap, iň demirgazyk nokady Malin- Hedde tamamlandy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär. Orta asyr mähellelerini abatlamakçy. Marokkonyň hökümeti Patyşalygyň dürli şäherlerinde orta asyr mähellelerini abatlamak üçin 800 million dollardan gowrak serişde sarp etdi. Patyşalygyň maddy we medeni mirasy hasaplanýan gadymy mähelleler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Iň uzyn ýaşyl magistral gurlar. Dubaýda «Green Spine » atly dünýäniň iň uzyn «ýaşyl » awtomagistraly gurlar. Taslamany URB binagärlik kompaniýasy işläp düzdi. Gurluşyk işleriniň 2040- njy ýyla çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýär. Uzynlygy 64 kilometre ýetjek bu magistralda infrastrukturany üpjün etmek üçin 100 göterim täzelenýän energiýa çeşmesi bolar. Gymmada satylan stegozawr. NýuÝorkdaky «Sotheby’s » auksionynda «Apeks» atly stegozawryň skeleti rekord bahadan – 44,6 million dollara satyldy. «Apeks» häzire çenli tapylan doly stegozawr skeletleriniň biridir, onuň, takmynan, 319 süňkünden 254-si bar. Ol 2022-nji ýylda Koloradoda Jeýson Kuper tarapyndan tapyldy. Maýmynlar üçin kanun. Ispaniýanyň hökümeti adampisint maýmynlaryň hukuklaryny goraýan kanun kabul etmekçi. Sebäbi orangutanlar, bonobo, gorilla we şimpanze ýaly maýmynlar ynsanlara ýakyn birnäçe häsiýeti özünde jemleýär. Bu kanun kabul edilse, Ispaniýa maýmynlar üçin ýörite kanun kabul eden ilkinji ýurt bolar. Kit kenara zyňlyp çykdy. Täze Zelandiýada kitleriň iň seýrek görnüşi bolan günorta amerikan remnezuby hasaplanýan kitiň läşi zyňlyp kenara çykdy. Onuň uzynlygy, takmynan, 5 metr. Hünärmenler kiti reňkinden, kellesiniň şekilinden, burnundan we dişlerinden tanap kesgitlediler.