Agzybirlik — synmaz örk

24 Iýul 2024
128

Durmuş ýörelgelerini kemala getiren ata-babalarymyz nesillerine agzybirlik hakynda miras galdyran köp tymsallary biziň halk dessanlarymyza, eposlarymyza, şonuň ýaly-da halk ertekilerimize hem siňdiripdir. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan bir tymsaly mysal getirsek, biziň ýokarda aýdanlarymyzy aňryýany bilen tassyklasa gerek. Onda şeýle diýilýär:

«Mähnet gara möý nirädir birýana okdurylyp barýardy. Birden onuň nazary garynjalaryň mesgenine kaklyşdy. Ol badyny gowşadyp, garynjalaryň üýşen ýerine golaýlaşdy. Ýaňky äpet gara möý ýyldyrym çaltlygynda öwrümler edip, garynjalaryň bir çetinden girdi. Garynjalar hem aldaja aňsat aw bolmajak bolup, jan aýaman söweşýärdiler. Ýöne möý garynjalardan has uly. Ol garynjalary paýhyn edip barýardy. Şol mahal täsin bir waka boldy. Garynjalar möýüň daşyny halkalaýyn gurşap, gyradeň yza çekildiler. Uzaklyk ýarym ädim çemesi bolanda, olar ýer süýşen ýaly bolup, öňe eňdiler. Garynjalardan ýaňa onuň endam-jany görünmedi. Sähel salymda ahmyrly garynjalar çagyrylmadyk myhmanyň her tikesini bir ýana süýrediler...». Ine, agzybirlik, ine-de, bitewüligiň hem-de daşky howpdan el-ele berip goranmagyň aýdyň mysaly.

Goçy ANNASÄHEDOW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.