Täze okuw möwsümi

24 Iýul 2024
142

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Hojamyrat Gurbanowyň serkerdelik edýän harby bölüminde 2024-nji ýylyň ikinji okuw möwsüminiň başlanmagy mynasybetli dabara guraldy. Harby bölümiň serkerdesi möwsümde öňde durýan wezipeleri kesgitläp, şahsy düzüm bilen geçirilýän söweşjeň we gumanitar taýýarlygy boýunça okuw sapaklarynyň hilini has-da ýokarlandyryp, bu ugurda ýokary netijeleri gazanmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de çärede göreldeli harby gullukçylar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Alisa BÄŞIMOWA,
kapitan.

Batyr ATAÝEW,
maýor.