Durmuş syýasaty: ygtybarly goraglylyk we döwlet kepilligi

23 Iýul 2024
153

Durmuşdaky, şol bir wagtda döwlet gurluşyndaky ähli özgerişlikler döwür bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kanunçylyk, durmuş ugurly ykdysady syýasat, halk bähbitli nusgalyk işler biri-biriniň üstüni ýetirip, ýeneki ösüşler üçin täze gözýetimleri açýar. Kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli berkidilmegi, durmuş syýasatynyň barha rowaçlanmagy, döwlet häkimiýetini dolandyrmagyň gözbaşynda ösen raýat jemgyýetiniň durmagy demokratik, hukuk döwletiniň esasy alamatlarydyr.

Häzirki döwürde döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni ösüşleri kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, kämilleşdirilmegi hem-de ösdürilmegi bilen aýakdaş gidýär. Bu özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ynsanperwer şygarlaryndan ugur alýar. Bu asylly ýörelgelere laýyklykda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady syýasat halkymyzyň parahat, abadan durmuşda ýaşamagyny gazanmaga gönükdirilendir. Halk baradaky alada baş strategik wezipedir. Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip bellenilmegi ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine aýratyn uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsi bolup durýar.

Nurbike AMANOWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň nama kitaplaryny toplamak we hasaba almak bölüminiň esasy maslahatçysy.